30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen Arkadag şäherine geldi we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary, gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň daşky bezeg işlerine, «Saglyk» seýilgähine degişli taslamalar, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, täze şäheriň Akhan we Polatly binalarynyň arasyndaky köçäni abatlamak bilen bagly meýilleşdirilen işler, Aşgabat — Gökdepe ýoluny aýlanyp geçmek boýunça teklip edilýän ýer bölekleriniň çyzgylary, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň we desgalaryň bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň meýdançalara bölüniş çyzgylary, lukmançylyk klasteriniň meýdançalarynyň ýerleşiş çyzgylary bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Şunda binalardyr desgalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagy, ekologik kadalaryň saklanmagy we uzak möhletleýinliginiň, göze gelüwliliginiň göz öňünde tutulmagy wajyp wezipe bolup durýar. Täze şäherde bina edilýän seýilgähleriň bezeg işlerine, olarda dynç almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine, seýilgähiň çäkleriniň germewleriniň berkligine zerur üns berilmelidir. Aýratyn-da, bu ýerlerde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy, ozal bar bolanlaryna ýokary derejede ideg edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanylmalydyr.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, muzeýiň bezeg işlerine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Her bir desganyň bezeg aýratynlyklary onuň ähmiýetine laýyk gelmelidir. «Akylly» şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyrylmalydyr. Önümçilik toplumlarynyň işine sanly ulgam we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary netijeli ornaşdyrylmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda beýan edilen haly we haly önümleriniň gölleriniň, nagyşlarynyň şekilleriniň öwrenilip, olar boýunça birnäçe bezeg serişdeleriniň öndürilendigi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygyndaky işleriň ýokary hilli bolmagynyň we olaryň batly depginde dowam etdirilmeginiň häzirki döwrüň wajyp wezipesidigini belledi. Şunda Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň enjamlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklaryna-da örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäherde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýär.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän işleriň häzirki zamanyň gurluşyk-inženerçilik talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Şunda binalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiliniň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy babatda birnäçe anyk görkezmeler berildi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde D.Orazowyň we G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, olary ýetip gelýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady hem-de täze şäherde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.