«Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy sebit we halkara işlerde möhüm orny eýelemek bilen, ösüş hem-de yzygiderli özgerişler ýolunda ynamly öňe barýar. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýarys» — diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.