Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary bütin dünýäni gadymy we döwrebap halyçylyk sungaty bilen has içgin tanyşdyrýar

27.05.2024

26-njy maýda paýtagtymyzdaky “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi.

Dünýäniň ylmy we işewür wekillerini, sungat eserlerini, gadymy nusgalary toplaýan alymlary, dürli ýurtlaryň halyşynaslaryny bir ýere jemlän bu guramanyň nobatdaky mejlisinde türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki ösüşi baradaky çykyşlar diňlenildi.

Çykyşlarda türkmen halysynyň göllerinde halkymyzyň taryhy döwürleriniň, medeniýetiniň we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň şöhlelenýändigi bellenildi.

ÝUNESKO-nyň bilermenleri tarapyndan türkmen halyçylyk sungatynyň dünýäniň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilmeginiň türkmen halylarynyň daşary ýurtlarda meşhurlygynyň has-da artmagyny şertlendirendigi nygtaldy.

Çykyş edenler gadymy däpleriň giňden wagyz edilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň el halylarynyň baky gözelligi baradaky “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynyň bütin dünýäni bu gadymy we döwrebap halyçylyk sungaty bilen has içgin tanyşdyrandygyny bellediler.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen sergä hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däplerini ösdürmek ugrundaky tagallalary, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri beýan edilýär.

Agşam dabaralar «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.