Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
26.05.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi.
Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş depginine eýedigi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň giňeldilýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky däp bolan gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär, bu bolsa iki doganlyk halky mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak, köpasyrlyk dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär.