«Awtodor» 10 kilometrlik tölegli ýoluň taslamasyny taýýarlaýar

30.04.2024

«Awtodor» döwlet kompaniýasy 2036-njy ýyla çenli 10 müň kilometrlik tölegli ýoly gurmagyň maksatnamasyny taýýarlamaga başlady. Taýýarlyk tapgyry bir ýyllap dowam eder. Bu barada «ТАСС» tarapyndan taýýarlanan interwýuda Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin habar berdi. — Biz näçeräk tölegli ýoluň bolup biljekdigini hasapladyk we geljegiň uly mümkinçiliklerini 2036-njy ýyla çenli 10 müň kilometre uzajak şeýle ugry gurmakda gördük. Häzirki wagtda ýollaryň her birini aýratynlykda seljerýäris: onuň bahasy näçe, nädip býudjetden daşary çeşmeleri çekip bileris, býudjet serişdeleriniň zerurlygy. Şeýlelikde, bu iş «Awtodor» tarapyndan amala aşyrylýar. Işlerimizi tamamlanymyzdan soň, bu derňewi hökümete hödürläris — diýip, Husnullin belledi. Täze milli taslamanyň şu ýyl tamamlanýan «Howpsuz we ýokary hilli ýollar» hem-de toplumlaýyn infrastrukturany döwrebaplaşdyryş meýilnamasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ornuny tutmak üçin işlenip düzülýändigini ýatladýarys. Bu mesele şu ýylyň ýanwarynda birinji wise-premýer Andreý Belousow hem-de ulag ministrliginiň ýolbaşçysy Witaliý Sawelýew tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylypdy.