Russiýanyň «Atom» awtoulagynyň bahasy mälim edildi

30.04.2024

Öndürilýändigi hakyndaky maglumatlaryň ýaýrap başlan günlerinden bäri ilkinji gezek Russiýanyň «Atom» awtoulagynyň satuw üçin niýetlenýän bahasy aýdyldy. Elbetde, bu-da heniz gutarnykly baha däl. «Atom» taslamasynyň wekili Anatoliý Kiýaşko «Awtonet» konferensiýasynda eden çykyşynda şu günki gün elektrik awtoulagynyň bahasy hökmünde üç million rubla barabar bolan serişdäniň bellenendigini, onuň nyrhynyň heniz şol görkezijiden az-kem köp ýa-da biraz az bolup biljekdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde bolsa «Atom» awtoulaglarynyň önümçiliginiň we satuwynyň geljek ýyl üçin meýilleşdirilýändigi sebäpli, inflýasiýa çykdajylary üýtgäp biler.