Şu günler Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF — 2024) öz işini dowam etdirýär. Foruma gatnaşýan türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň degişli toplumlarynyň ýolbaşçylaryndan we jogapkär agzalaryndan ybarat bolan uly topar wekilçilik edýär.
Şu gün — ähmiýetli forumyň ikinji gününde halkara çäräniň dördünji hem-de bäşinji sessiýalary geçirildi. Onuň «Gurluşyk, gaz himiýa, ulag we kommunikasiýalar pudagynda Türkmenistanyň täze taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak» atly jemleýji — bäşinji sessiýasynda hem türkmen tarapynyň wekilleriniň birnäçesi çykyş etdi. Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew hem çykyş edip, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň, telekommunikasiýa ulgamynyň eýe bolan ösüşleri hakynda gürrüň berdi.
Agentligiň ýolbaşçysynyň çykyşynda aýdylyşy ýaly, sanly ösüş Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmenistanyň Hökümeti Yslam Ösüş banky bilen bilelikde milli aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirdi.
Türkmenistanda maglumatlary alyşmagyň döwletara optiki-süýüm ugrurlaryny 8-si gurnaldy. Soňky üç ýylyň dowamynda halkara internet kanallarynyň umumy göwrümi 10 esse artdy.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň çykyşynda Türkmenistanyň sanly ulgamyň giňişligindäki barha pugtalanýan orny giňişleýin beýanyny tapdy. Türkmenistanyň bu ugurdaky mümkinçilikleri foruma gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum şu gün öz işini tamamlaýar.