Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

25.04.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.

Myhman Milli Liderimize duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktorynyň saparynyň türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly taslamalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz saparyň jemleriniň gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri söwda-ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Germaniýa lukmançylyk senagaty, oba hojalygy, bank ulgamlarynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ençemesi uzak ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler.

Duşuşygyň dowamynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda geçen ýyl işlenip taýýarlanylan strategik hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» ähmiýetini belledi. Ol energetikada, himiýa senagatynda, obasenagat toplumynda, Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky ulag geçelgesinde, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmekde, suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ugurlar boýunça taslamalary özünde jemleýär.

Duşuşygyň dowamynda myhman Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşynyň nemes işewürleriniň arasynda uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. Onda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyk beýan edildi we özara gatnaşyklary ilerletmek üçin teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşinde Berlinde guralan ýokary derejedäki gepleşikleriň, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň, bilelikdäki işewürlik forumynyň netijeli häsiýetine aýratyn üns çekildi.

Germaniýanyň «Goetzpartners» kompaniýasynyň wekilleriniň şu ýylyň başynda Türkmenistana bolan saparynyň barşynda Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça Ähtnama gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoryny bar bolan mümkinçiliklerden, şol sanda ýokary tehnologiýalar, «ýaşyl» energetika, inklýuziw we «akylly» şäherleri gurmak ulgamynda döreýän mümkinçiliklerden has giňden peýdalanmaga çagyrdy hem-de komitetiň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.