«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň baş direktorynyň orunbasary Wýaçeslaw Pawlowskiý Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine çenli esasy ugurda Türkmenistanyň demir ýol infrastrukturasynyň elektrikleşdirilmegine goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdi.
Bu barada ol habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi. «Infrastruktura taslamalary nukdaýnazaryndan rus tarapy Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine çenli esasy ugurda demirýol infrastrukturasynyň elektrikleşdirilmegine kömek bermäge taýýardyr we elektrikleşdirmek hem-de işgärleri taýýarlamak üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn çemeleşmäni teklip edýär» — diýip, Wýaçeslaw Pawlowskiý aýtdy. Ol taraplaryň Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek meselesinde ylalaşandyklaryny aýtdy. W.Pawlowskiý iki ýurduň demirýol ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini belledi. Ol «Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň arasynda 2023 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekilendigini ýatlady.
Şunuň bilen baglylykda, «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner hyzmatlaryny ösdürmek babatda bilelikdäki tagallalar amala aşyrylýar. Mundan başga-da, häzir her aýda 4 konteýner otlusynyň ýollanylýandygy we onuň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygy bellendi. Türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hünärmenleriň mümkinçilikleriniň ösdürilmegi ugrunda hyzmatdaşlyk edilip, türkmen demirýolçularyny «Russiýanyň Demir ýollary» edarasynyň korporatiw uniwersitetinde okatmagyň maksatnamasy taýýarlandy.