23-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly üçünji halkara forum öz işine başlaýar. Çäre Russiýadan, Eýrandan, BAE-den, Hindistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Belarusdan, Azerbaýjandan bolan dürli kompaniýalaryň hem-de wekilleriň ýüzden gowragyny bir ýere jemlär.
Forumda Hazar sebitiniň ulag-logistika mümkinçilikleriniň ösüşiniň möhüm ugurlary, şol sanda ýük bazarynyň şertleri, esasy ýük akymlary, goňşy ýurtlaryň üsti bilen deňiz we gury ýer ulag ýollary barada pikir alyşmalary guramak meýilleşdirilýär.
Plenar mejlisde pudak hünärmenleriniň, hususy telekeçileriň, ýöriteleşdirilen guramalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň hasabatlary diňlener.
Guramaçylar Astrahan porty, «Streletskoe» hem-de Alfa portlary ýaly şäheriň infrastruktura desgalaryna gezelençleri we resmi däl ýagdaýdaky özara aragatnaşyk çärelerini özünde jemleýän ýörite medeni maksatnamany taýýarladylar. Bu waka halkara hyzmatdaşlygynyň we ulag infrastrukturasynyň ösüşi nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolup, bütin sebitde uly gyzyklanma döreder.
Guramaçylar forumyň üstünlikli, netijeli we täsirli bolmagy üçin ähli şertleriň dörediljekdigini kepillendirýärler.