Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji iş güni başlandy

16.04.2024

Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji güni başlandy. Demir ýol pudagy boýunça guralýan halkara forum paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçýär.

Bu ýerde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleler ara alyp maslahatlaşylýar.

Mundan başga-da, şu gün ähmiýetli foruma gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.