Panama kanalynyň administrasiýasy (ACP) güýçli ýagyş çaklamalarynyň amala aşan ýagdaýynda onuň 2025-nji ýyla çenli kem-kemden kadaly işine gaýdyp geljekdigini habar berdi.
Mart aýynda deňiz geçelgeleriniň mümkinçilikleri günde 24-den 27 gämä çenli ýokarlandy. Eger, ýagyş möwsümi çak edilişi ýaly ýagynly bolsa administrasiýa deňiz geçelgeleriniň geljek ýylyň başyna çenli günde 36 gämini geçirip biljek kadaly ýagdaýa gaýdyp geljekdigine umyt edýär. Muňa garamazdan, ýüzlenmeler çaklamalaryň amala aşmadyk halatynda çäklendirmeleri saklap galmaly boljakdygyny, hatda ony has hem güýçlendirmegiň zerurlygynyň dörejekdigini duýdurýar.
Mart aýynyň tranzit statistikasy tranzitleriň gündelik ortaça sanynyň fewral aýyndaky 22,8-e barabar bolan netijeden 24-e ýetendigini görkezýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, 2023-nji ýylyň mart aýynda bu görkeziji 43,6 boldy. Oktýabrdan sentýabra çenli uzaýan maliýe ýylynyň ilkinji alty aýynda kanaldan jemi 4,6 müň gämi geçdi. Munuň özi görkezijiniň bir ýyl ozalkydan 37% peselendigini aňladýar.