2024-nji ýylyň başynda «Mitsubishi» kompaniýasynyň meşhur «Pajero» modelini dikeltmek mümkinçiligine seredýändigi baradaky myş-myşlar ýaýrapdy. Birbada bu awtoulagyň «Mitsubishi L200» (Triton) platformasynyň aýratynlyklaryny alyp biljekdigi aýan edilipdi. Wagtyň geçmegi bilen bolsa taslamanyň ugrunyň üýtgedilendigi baradaky maglumatlar peýda boldy.
Ol geljekde meşhur «Range Rover» kysymly ulag bilen bäsdeş bolup biljek ýokary derejeli nusga hasaplanyldy. Malaýziýanyň «Theottle» kompaniýasynyň dizaýneri täze «Pajeronyň» nusgasyny öz fantaziýasy boýunça şekile geçirdi.
Şeýlelikde, täze «Pajero» krossower görnüşinde peýda boldy, onuň bezeg aýratynlyklary «Outlander» nusgasynyň häzirki neslini, şeýle hem täze «Infiniti QX80» görnüşini ýadyňa salýar.
Hakykatdan hem, täze «Pajero» «Outlander» kysymynyň aýratynlyklaryna esaslanar. Ol ulagyň «PHEV» gibrid nusgasyna meňzeş bolar.
Täze «Pajero» bu maşgala krossoweriniň diňe umumy platformasyny däl, eýsem, güýç bölümini hem alar. Bu gibrid elektrik hereketlendirijisi bilen utgaşdyrylan 2,4 litrlik benzinli 4 silindrli birlige esaslanar.
Awtoulagyň gabarasy uly bolup, onuň uzynlygy bäş metrden geçmeli. Ulagyň ini iki metre golaý bolmaly.
Ulagy 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda görkezmek meýilleşdirilýär.