Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady

12.04.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

«Siz kosmonawtikanyň taryhynda täze sahypalary açdyňyz. Biz Siziň älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek işinde ýeten derejäňize buýsanýarys» diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gutlag hatynda: «Siz abraýly hünäriň eýesi bolmak bilen, umumadamzat durmuşynyň has-da gowulanmagyna getirjek häzirki zaman ylmynyň ösüşine yzygiderli goşant goşýarsyňyz» diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri kosmonawta tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, bagtyýarlyk, syrly älemiň täze giňişliklerini öwrenmekde üstünlikleri arzuw etdiler.