«BYD» kompaniýasynyň her bir ulagdan 1250 dollar möçberde girdeji alýandygyny «Late Finance» tarapyndan hödürlenen maglumatlar tassyklaýar.
«Tesla» bolsa awtoulaglarynyň her birinden 8250 amerikan dollaryndan gowrak düşewünt alýar. 2023-nji ýylda 1,81 million awtoulag satan kompaniýanyň şol döwürdäki umumy girdejisi 14,9 milliard dollar boldy. Bu hakykat «BYD» kompaniýasynyň alýan girdejisi boýunça däl-de, bazardaky orny babatda öňdedigini görkezýär.
Geçen ýyl «BYD» awtoulaglarynyň 2 706 075-sini diňe Hytaýda ýerledi. Bu görkezijide ikinji basgançakda 603 664 ulagyny satan «Tesla» ornaşdy. 144 155 nusgasyny ýerlemegi başaran «Leapmotor» onunjy orny eýeledi.
2023-nji ýyldaky girdejisiniň azdygyna garamazdan, «BYD» şondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, düşewündiniň derejesini ep-esli artdyrmagyň hötdesinden geldi. 2019-njy ýyldan bäri kompaniýanyň serişde ätiýaçlygy sekiz esse artdy. Kompaniýanyň 2021-nji ýyla çenli ulaglaryň satuwyndan hiç hili girdeji almandygyny hem bellemek gerek. 2022-nji ýylda bolsa onuň öndüren ulaglarynyň her biriniň özüne düşýän bahasynyň üstünden alan serişdesiniň möçberi 750 dollara barabar boldy.