Özbegistanda «BYD Song Pro DM-i Honor Edition» krossoweri satylyp başlanýar

10.04.2024

Golaýda tanyşdyrylan «BYD Song Pro DM-i Honor Edition» gibrid krossoweri bir aýyň dowamynda içerki bazary eýelemegi başarana bolsa, indi Özbegistanyň awtoulag  bazaryny basyp alar: onuň ilkinji resmi görkezilişi 16-njy aprelde geçiriler. Ulagyň bu ýerde hödürlenjek görnüşleri heniz yglan edilmedi, emma onuň Hytaýdaky nusgalardan tapawudy bolmaz. Bahalary bilmek üçin hem heniz wagt gerek bolar (Hytaýda bu krossoweriň bahasy 15 müň dollardan başlanýar).

«BYD Song Pro DM-i Honor Edition» ulagynyň ölçegleri hakynda 4738 х 1860 х 1710 mm bolup, onuň tigir binýady 2712 mm barabardyr. Krossoweriň gibrid güýç gurluşy 110 at güýjüne deň bolan 1,5 litrlik turbohereketlendirijili, şeýle-de 197 at güýjüne barabar bolan kuwwata eýelik edýän elektrik hereketlendirili hem-de onuň işini utgaşdyrýan «e-CVT» wariatory bilen tapawutlanýan nusgalarda hödürlenýär. Gibrid nusgasynyň ortaça ýangyç ýakyşy — bary-ýogy 4,4/100 km, diňe elektrik ulgamyndaky hereket ätiýaçlygy — 59 ýa-da 85 kilometr.  

«BYD» Özbegistandaky satyljak görnüşleriniň sanyny iki esse giňeljekdigini belledi — bu ýerdäki modelleriň sany bäşden ona çenli artdyrylar. Model nusgalarynyň sanawynyň üstüni şäherde dolandyrmak üçin niýetlenen ykjam görnüşden başlap, miniwenler, krossowerler hem-de sedanlaryň beýleki nusgalary ýetirer.