Täze «Hyundai Sonata» işewürlik sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Şondan öň bu awtoulag diňe sargyt esasynda satyn alnan bolsa, indi bölek satuwlar boýunça hem ýerlenip başlanýar. Şol bir wagtyň özünde bolsa Hytaýda köpden bäri dowam edip gelýän dessura görä, awtoulagyň bölek bahasy arzanlady. Şeýlelikde, onuň bahasy deslapky nyrhyndan (20,9 müň dollar) 19,4 müň dollara çenli düşdi.
Iki hereketlendiriji bilen öndürilen awtoulag üç görnüşde (Air, Pro we Max) hödürlenýär. Şolaryň biri 170 at güýji bilen 1,5 litrlik, beýlekisi bolsa 250 at güýji bilen 2 litrlik hereketlendirijä daýanýar. Iki hereketlendiriji hem 8 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen utgaşdyryldy. Aýratyn bellenmeli maglumatlaryň biri hem, «Sonata» bahasynyň arzandygyna garamazdan, meşhur «Toyota Camry» awtoulagyndan has ykjam hasaplanyldy. Awtomobil Hytaýda öndüriler. Onuň önümçiligi «Beijing Hyundai» kärhanasynda alnyp barlar. Hytaýlylar bu nusgany 11-nji nesil hasaplaýarlar. Emma munuň bütin dünýäde «Sonatanyň» 8-nji nesliniň gaýtadan işlenen görnüşi hökmünde ykrar edilendigini bellemek gerek.
Awtoulagyň gabarasy 4945 × 1860 × 1450 mm, tigir binýady — 2875 mm ölçeglerdedir.
Hytaý üçin öndürilen «Sonata» kysymly awtoulagyň daşky görnüşi global nusgadan tapawutlanmaýar. Onuň salony barada bolsa käbir täzelikleri aýdyp bolar. Awtoulagda 12,3 dýuýmlyk diagonaly bolan iki ekranly panel, geçirişiň ruluň töwereginde ornaşdyrylmagy, köp wezipeli rul, barmak yzyny tanaýan media ulgamy, 12 hereketi özünde jemleýän «BOSE» akustikasy we sürüjä 27 görnüşli kömek ulgamy ýaly aýratynlyklar bar.