Täze «LCV» ulaglarynyň satuwy mart aýynda 28% ýokarlandy

06.04.2024

Mart aýynyň jemi boýunça Russiýada 9067 täze ýeňil söwda ulagy (LCV) satyldy. Bu barada «AUTOSTAT Operatiw. Russiýanyň awtoulag bazaryndaky häzirki maglumatlar. 2024-nji ýylyň mart aýynyň netijeleri» atly onlaýn-görkezilişde aýan edildi. Bu statistikanyň «PPK JSC *» tarapyndan hödürlenen maglumatlara esaslanýandygyny, ýöne «AUTOSTAT» agentliginiň maksatlaýyn ugruny ulanýandygyny ýatladýarys. Şeýlelik bilen, käbir pikap awtoulag modellerini «LCV» däl-de, ýeňil awtoulaglaryň sanawyna goşýarys.

Agentligiň hünärmenleri awtoulag bazaryndaky bu bölüm boýunça mart aýynyň netijesiniň fewralyň görkezijisinden 9,1% ýokarydygyny bellediler. Bir ýyl mundan ozal geçirilen netijeler bilen deňeşdirsek, 2023-nji ýylyň mart aýyna garanyňda, «LCV» bazary 27,6% ösdi.

Russiýa Federasiýasynda ýeňil söwda ulaglarynyň satuwy boýunça öňdebaryjy bolsa bazaryň ýarysyndan (58%) gowragyna eýe bolan ýerli «GAZ» markasy bolmagynda galýar. Şeýlelik bilen, ýazyň başynda bu «LCV» ulaglarynyň 5232 nusgasy satyldy. Reýtingde şondan soňky üç orny rus markalary — «UAZ» (1518 birlik), «Sollers» (795 birlik) we «LADA» (577 birlik) eýeleýär. Hytaýyň «Dongfeng» brendi (188 birlik) bolsa öňdäki bäşligi jemleýär.

Täze «LCV» bazaryndaky model reýtinginde öňdebaryjylygyň mart aýynda 35% görkezijä eýe bolan «GAZ Gazelle NEXT» tarapyndan saklanýandygyny hem aýratyn bellemek gerek.

Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri barada aýdylanda bolsa bu döwürde Russiýada 23311 birlik ýeňil söwda ulaglary satyldy. Munuň özi 2023-nji ýylyň üç aýy bilen deňeşdirilende, 40,6% artykdyr.