«Demirgazyk — Günorta» geçelgesi boýunça täze ugur döredildi

21.08.2023
«RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti Günorta — Ural demir ýolunyň Formaçewo stansiýasynyň platformasyndan başlanan dördünji konteýner otlyny iberdi. «SeaNews» neşiriniň habaryna görä, otly ilkinji gezek Akýaýla (Türkmenistan) — Inçeburun (Eýran) serhet geçelgesinden geçer. Netije-de bolsa, transport wagty birnäçe gün azalar. Bu täze ugur Günorta — Ural demirýolunyň platformalaryndan Eýranyň Bandar Abbas deňiz portuna Sarahs serhet barlag geçelgesinden konteýner otlylaryny ibermek hyzmatynyň bir bölegi hökmünde goşmaça mümkinçilige öwrülýär. «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň pikiriçe, köpugurly ýük daşamak üçin döredilen bu hyzmat her aýda yzygiderli gatnawa öwrüldi.