Penşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri ýokary islege eýe boldy

10.05.2024

Penşenbe güni, 9-njy maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarynda Türkiýe işewürleri "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden "B" kysymly karbamidy satyn almak barada geleşik baglaşdylar şeýle-de, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden az kükürtli ýakyş mazudyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "SN-180" kysymly başlangyç ýagyny we "TPP D 30 S" kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 12 558 000,00 manada we 18 227 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.