Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada guralan dabaralara gatnaşdy

10.05.2024

9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşdy.

Ýeri gelende bellesek, döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynda bolmagynyň barşynda Kremlde Prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Däp bolşy ýaly, dabaraly harby ýörişiň başynda Prezident Wladimir Putin çykyş etdi we Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Kubanyň, Laosyň we Gwineýa-Bisaunyň Prezidentleri hem Moskwadaky dabaraly çärelere gatnaşdylar.

Dabaraly ýörişe 10 müňden gowrak adam we 120-den gowrak harby enjam gatnaşdy.

Soňra bu ýere ýygnanalar Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýdular.