«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni maksatly çäreleri geçiriler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, bu çäreler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, raýatlarymyzyň beden saglygyny berkitmek, adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen geçiriler.
Bellenilişi ýaly, Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky “Welosiped binasynyň” ýanyndan badalga berler. Ýörişiň geçjek ýollarynyň ugrunda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary guralar. Şeýle hem şol gün Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy dowam etdiriler.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreler guralar. Olara umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, hünär-tehniki, orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, kärhanalaryň, edaralaryň işgärleri, türgenler işjeň gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy. Agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan bu halkara sene jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.