Şu ýylyň aprelinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy guralar.
Görkezilen bölegiň gurluşygy ýurdumyzyň paýtagtyny Türkmenabat şäheri bilen birleşdirýän häzirki zaman awtoulag ýoluny döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň çäginde amala aşyryldy.
Resmi çeşmelere görä, ýoluň täze bölegi iň ýokary howpsuzlyk we hil standartlaryna laýyk geler. Awtoulag ýolunda kesgitlenen tizlik sagatda 130 km bolar. Bu ýol daşky gorag germewleri, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, wideogözegçilik ulgamy hem-de howa stansiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Tejen — Mary böleginiň ulanyşa girizilmegi umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça iri infrastruktura taslamasynyň möhüm tapgyryny emele getirer. Ajaýyp taslama ilat üçin döredilýän mümkinçilikleri ýokarlandyrmak, ýük daşamagy çaltlandyrmak we ýurduň sebitlerini «ýakynlaşdyrmagy» üpjün etmek üçin durmuşa geçirilýär.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji Aşgabat-Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda açylyp, ulanylmaga berildi. Taslamanyň umumy bahasy 2,3 milliard amerikan dollaryna barabardyr.