Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.03.2024

29-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Döwlet Baştutany mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris. Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutany toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy. Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konsernini zerur bolan enjamlar, şol sanda nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde, düýpli abatlamakda ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak, şeýle hem önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynyň sergisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, forumy 3 — 5-nji aprelde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Gözden geçirilişe söwda toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň köp sanlysynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 210-dan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni maksatly çäreleri geçirmek barada hasabat berdi. Bu çäreler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, raýatlarymyzyň beden saglygyny berkitmek, adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýükleri awtoulagda daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Soňra döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, onuň esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Munuň özi biziň öňümizde birnäçe guramaçylyk meselelerini goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şu mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek halkara çäräniň guramaçylygynyň üpjün edilmegi üçin şu wagtdan Hökümet agzalaryndan ybarat bolan döwlet toparyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli 2025-nji ýylyň dowamynda guraljak halkara derejeli çäreler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli gutlady. Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň, gaznanyň alyp barýan ynsanperwerlik işiniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

 

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.