Hormatly Prezidentimiz ŞHG-niň sammitinde yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegi hem-de ösdürmegi teklip etdi

05.07.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki mejlise hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Watanymyzyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda ŞHG-ä agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň XX ýubileý mejlisine, 2022-nji ýylyň sentýabrynda bolsa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitine gatnaşandygyny bellemek gerek. Şol duşuşyklarda ŞHG-ä agza döwletler bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagyna hem-de ozal hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar öňe sürüldi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu günki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu gurama bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, dünýä we sebit işlerine ýurdumyzyň gatnaşmagynyň umumy ugry bilen utgaşýandygy nygtaldy. Şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna Türkmenistanyň uly gyzyklanma bilen garaýandygy, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýändigi aýdyldy.

Şeýle işiň uly geljeginiň bardygyny bellemelidiris. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň kuwwatly serişde, önümçilik binýady, aýratyn-da, soňky ýyllarda ulag-logistika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň ösmegi bilen baglydyr. Ol özara ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygy we başga-da birnäçe mümkinçilikler bilen şertlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Nygtalyşy ýaly, diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi. Olar aşakdakylardan ybaratdyr.

birinjiden, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak;

ikinjiden, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmek;

üçünjiden, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmek. Gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar;

dördünjiden, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek;

bäşinjiden, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bolup durýar.