25-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişine girişildi we bu möwsümi agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda pile öndürmek möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Ýüpekçiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkimler ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi, Daşoguz welaýatynda bolsa, ekişe başlamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler üçin ýüpek gurçugynyň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, welaýat ýüpek önümçilik birleşikleri bilen pile öndürijileriň arasynda şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, ýazlyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, şeýle hem pile öndürmek möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.