«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çeken uruş weteranlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy

09.05.2024

Şu günler ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna guralýan çäreler eziz Diýarymyzda olara goýulýan belent hormatyň dabaralanmasyna öwrülýär. Şol çäreleriň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çeken uruş weteranlaryna, paýhasly ýaşulularymyza, mukaddes ojagyna wepaly enelerimize hem döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar we ter gül çemenleri gowşuryldy.

Aragatnaşyk pudagynda onlarça ýyllap zähmet çeken Walentina Žerdowa we Marguşa Aýriýewa hem urşa gatnaşanlaryň we onda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň abadançylygy baradaky yzygiderli aladasy we olaryň abadan ýaşamagy ugrunda döredýän ähli şetleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmasyna we Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan Watanymyzyň şöhratly gerçekleri we mährem eneleri türkmen ýaşlary üçin watansöýüjilik, edermenlik, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik we arassa ahlaklylyk ýaly mukaddes ýörelgeleriň belent nusgasydyr.