Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady

09.05.2024

8-nji maýda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. 

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar ugratdylar. 

Döwlet Baştutanymyzyň Russiýa Federasiýasyna şu gezekki sapary häzirki döwürde täze itergi berlen we many-mazmun bilen baýlaşdyrylan netijeli döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösüş ýolundaky nobatdaky ädimdir. 

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilelikdäki taryhyň unudylmajak esasy sahypalarynyň biridir. Uruş ýyllarynda söweşlerde we tylda görkezilen beýik edermenlik, mertlik, deňsiz-taýsyz gahrymançylyk biziň halklarymyzyň hakydasynda ebedilik galdy. 9-njy maý – Ýeňiş güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklaryny birleşdirýän taryhy ähmiýetli senedir. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş mynasybetli guralýan dabaralara yzygiderli gatnaşmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şunuň bilen birlikde, munuň özi hakydamyzda ebedi galjak gahryman gahrymanlarymyzyň edermenligine hormat bilen garamagyň aýdyň beýanydyr. 

Türkmen halky Watanyň azatlygy ugrunda gazaply söweşlerde gazanylan Beýik Ýeňiş üçin mynasyp goşant goşdy. Türkmeniň mert ogullary beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, bir ädim yza tesmän söweşlerde gahrymanlarça söweşdiler, tylda jan aýaman zähmet çekdiler. Şol ýowuz ýyllarda watandaşlarymyzyň söweşde görkezen edermenligi biziň hemmämiz üçin Watana bolan söýginiň, hormatyň we borja wepalylygyň belent nusgasydyr.