Aşgabatda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze binasy gurlar

25.03.2024

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde beren hasabatynda aýdylyşy ýaly, taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglaryny, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny, uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 2,24 gektar meýdanda guruljak desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny, rezerwuary, tehniki desgalary, awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary döwrebap şertlerde ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.