Italiýanyň demir ýol tory türkmen hünärmenleri bilen öňdebaryjy tejribesini paýlaşmaga taýýar

23.03.2024

Italiýanyň RFI demirýol torunyň prezidenti Dario Lo Bosko Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýew bilen taraplaryň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek bilen, häzirki wagtda Italiýanyň sanly IT taslamalary boýunça nou-haulary we 4D hem-de 5D BIM innowasion usullary ýaly dolandyryş gurallary ulgamynda, şeýe-de ýerleşiş seljermesi pudagynda öňdebaryjy tejribesini paýlaşmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

Bellenilşi ýaly, Ähtnama iki ýurduň arasyndaky diplomatik duşuşygyň netijesi bolup, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministrliginiň strategiki ugurlaryna laýyklykda «Ferrovie dello Stato Italiane Group» bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň görkezijisi bolup durýar.