Russiýada Mahaçkala deňiz söwda portunyň 100 % paýnamalarynyň ygtyýarly maýasyny geçirmek esasynda «Demirgazyk – Günorta» paýdarlar jemgyýeti esaslandyryldy. Degişli reminama hukuk habarlary boýunça resmi portalda yglan edildi. Paýnamanyň bazar nyrhy 1,25 mlrd ₽ hasaplanylýar. Täze esaslandyrylan gurluş «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň infrastruktirasyny kämilleşdirmek bilen meşgullanar.
Russiýanyň hökümeti tarapyndan kesgitlenen strategiki maýadar kompaniýanyň paýnamalarynyň 51 %-ini alar. Netijede, bäş ýylyň dowamynda döwletiň paýyny satyn alyp biler.
Prezident rus hökümetine dört aýyň dowamynda strategiki maýa goýujy saýlamagy we onuň bilen şertnamalary baglaşmagy tabşyrdy. Mümkin bolan paýnamalaryň eýesi bilen baglaşylan şertnamalar onuň borçnamalarynyň resmileşdirilmegini we ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri göz öňünde tutýar. Russiýa Federasiýasynyň Ministrler Kabineti hem bu borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine we olara gözegçilik etmegiň tertibini kesgitlemäge borçludyr.