Iýul aýynda täze ýük awtoulaglarynyň satuwy iki esse artdy
16.08.2023
Öňki döwrüň bazasynda 2023-nji ýylyň iýul aýynda awtoulag bazary iki esse ýokarlandy. Bu barada "AUTOSTAT" agentligiň hünärmenleri onlaýn ýaýlym wagtynda habar berdiler.
Şeýlelik bilen, iýul aýynda Russiýa federasiýasynda 13 147 sany täze awtoulag satyldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň iýulyna garanyňda 98% köp. Bu bazar segmentinde öňdebaryjylyk, umumy göwrümiň bäşden birine eýe bolan içerki KAMAZ markasy tarapyndan saklanýar. Iýul aýynda täze "KAMAZ" awtoulaglarynyň satuwy 2 618 sany birlige barabar, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 4% ýokary. Şeýle hem ýük awtoulag bazaryndaky iň meşhur markalaryň TOP-5-de Hytaý SITRAK (2 550 sany), Shacman (2 081 sany; +102%), FAW (1 608 sany, 3,5 esse) we Howo (563 sany; -16%).
Iýul aýyň jeminde 2 549 sany satylan SITRAK С7H awtoulagy modelleriň arasynda öňdebaryjy bolup galýar. Beýleki modelleriň satuwy hatda müň awtoulagada ýetmedi we ilkinji bäşlige FAW CA3310 (923 sany), Shacman SX3258 (640 sany), Shacman SX3318 (579 sany) we KAMAZ 65115 (510 sany) girdi.