«BMW Vision X» krossoweriniň aýratynlyklary onuň tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda mälim edildi

21.03.2024

«BMW» şu gün — 21-nji martda «Neue Klasse» platformasynyň çäginde geçiriljek çärede «Vision X» nusgasynyň görkezilişini guramagy meýilleşdirýär. Muňa garamazdan, ulagyň suratlary eýýäm sosial ulgamlarda peýda boldy. Öndüriljek ulag suratlarda görkezilýän nusga diýseň meňzeýär. Awtoulagyň 2025-nji ýylda ilkinji gezek çykaryljak nobatdaky nusgasy «BMW iX3» diýen ada eýe bolar.

Ozal «BMW» «Neue Klasse» platformasyna esaslanýan täze sedanyny tanyşdyran bolsa, indi krossowerini görkezýär. Has «haýbatly» görünýän nusganyň aýratynlyklary özboluşly bamperiň we radiator gözenekleriniň ýerleşýän ýerine uzaýan «örtük» bilen utgaşýar. Ulagyň «tumşugy» adaty bolmadyk görnüşe eýe bolup, dikligine uzaýar. Şol bir wagtyň özünde hem, «Vision X» krossoweriniň egrelip gidýän gabara bölekleri ulagyň «BMW-niň» adaty «Hofmeister» ýörelgelerine eýerýändigini görkezýär. Umuman aýdanyňda, ulagyň aýnalarynyň çyzgysy «BMW» krossowerleriniň ozalky nusgalaryna mahsus görnüşdedir. Munuň özi brendiň ozalky ýörelgeleriniň dowam etdirilýändiginiň nyşanydyr.

Ulagyň salony hakynda bolsa heniz hiç bir maglumat berilmedi. Muňa garamazdan, ol şu gün — 21-nji martda belli bolar.

Şu gün ulagyň has ýokary hilli suratlarydyr şekilleri görkezilip başlanar.