Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bellenilýär

21.03.2024

Türkmen halky Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däp-dessurlarymyz häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň we medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr. Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny we abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga hem-de döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejesinde bellenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu baradaky degişli Kararnamanyň 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

Nowruz – türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Iň gadymy döwürlerden bäri parahatsöýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, mähriban Watanymyza bolan söýgi halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýär. Bu asylly ýörelgeleri şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy öz şahyrana döredijiliginde wasp edipdir. Täze taryhy döwürde halkymyzyň ynsanperwer hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bu baýram bilen bagly däp-dessurlar giňden berjaý edilipdir. Gündogaryň meşhur akyldarlary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Firdöwsiniň, Mahmyt Kaşgarlynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edilýär. Nowruz baýramy ynsan kalbynda ýagşy häsiýetleri we hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, tebigata, durmuşa, parahatçylyga söýgi döredýär.

Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge hem goşant goşýar. «Goý, Nowruz baýramynda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar agzybirligiň hem dost-doganlygyň owazyna öwrülip, hemişe belentden ýaňlansyn!» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda arzuw etdi.