«Russiýanyň demir ýollary» serhet geçelgeleriniň
8-sini ileri tutulýan ugur hökmünde ösdürmegi dowam etdirýär. Şolaryň hatarynda
«Mahalino», «Zabaýkalsk», «Grodekowo», «Nauşki», «Derbent», «Aksaraý» hem-de
«Kartallar» atly geçelgeleriň bardygyny «Russiýanyň demir ýollary» açyk
görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý
Pawlow «TransRussia 2024» fotumynda eden çykyşynda belledi.
– 2023-nji ýylda
«Nižneleniskoýe-Tunszýan» köprüsi açyldy we eýýäm 3 mln tonna barabar ýük daşaldy.
Ilkibaşda diňe konteýner ýüklerini daşamak meýilleşdirilipdi. Häzirki wagtda
onuň mümkinçilikleri has-da giňeldildi. Biz konteýnerleşdirmegiň
geljegimizdigine we munuň ýokary derejeli ýükleri daşamak bolup durýandygyna
gowy düşünýäris — diýip, Sergeý Pawlow sözüniň üstüni ýetirdi.
Russiýanyň demir ýollary
2023-nji ýylda serhet geçelgelerini ösdürmek işine 4,5 mlrd rubl maýa goýan
bolsa, 2024-nji ýylda ýene 7 mlrd gönükdirer.
Ýeri gelende bellesek,
2024-nji ýylda Hytaýyň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda demir ýol boýunça eltip
bermek hyzmatyna isleg 30% ýokarlandy.