Özbek-gyrgyz ösüş gaznasynyň Bişkekdäki ofisinde Oş şäheriniň häkimligi üçin ýolagçy awtobuslarynyň 100 sanysyny maliýe garaşygy esasynda satyn almak barada şertnama gol çekildi. Bu barada «Trend» habar berdi.
Gol çekişmek çäresine Oş şäheriniň häkimliginiň hem-de Özbek-gyrgyz ösüş gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Samarkant awtoulag zawodynda öndürilen häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň 100 sanysyny satyn almak meselesini Özbek-gyrgyz ösüş gaznasynyň maliýeleşdirýändigi habar berildi.
Bu şertnama Oş şäheriniň ulag infrastrukturasyny gowulandyrmakda we ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ugur bolup, şu babatdaky ädimleriň ikinji tapgyryna öwrüldi.