Transhazar ugry boýunça ýük gatnawy artýar
15.08.2023
Hytaý, Gazagystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe we Ýewropa ýurtlaryndan geçýän Transhazar ugry boýunça gatnaw amala aşyrýan ýük gatnawlaryň ep-esli artandygy hasaba alyndy. Gazagystan «Demirýollarynyň» metbugat gullugy tarapyndan berlen maglumata görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bu ugur boýunça ýük daşamalaryň mukdary 1,3 million tonna ýetdi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 77.2 göterim köp.
2022-nji ýylyň dowamynda bu ugur 1,5 million tonna ýük daşamak üçin ulanyldy. Bu görkeziji 2021-nji ýyldaky ýük mukdaryndan 2,5 esse köpdür. Transhazar ugry boýunça konteýner gatnawlarynda hem ösüş gazanyldy. Görkezijiler 33,6 müň TEU deň bolup, bu ozalky görkezijilerden 33% köp.
Gazagystanyň Senagat ministrliginiň habaryna görä, bu ugur boýunça harytlary eltip bermek wagty indi 18 — 23 gün (ozal 50 günden gowrak).