Şu gün — 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 16 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sergi açyldy.
Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň geçen 16 ýylda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri giňişleýin açylyp görkezilýär. Onuň çäginde türkmen önüm öndürijileriniň we hyzmat ediş kompaniýalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gysga döwrüň içinde uly ösüşe eýe bolandyklary, import harytlarynyň ornuny tutýan baý önümçilik düzümlerini döredendikleri aýdyňlyk bilen şöhlelenýär.
Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli birleşmäniň agzalarynyň ýörite maslahaty hem guralýar.
Serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy aýdym-sazly medeni çykyşlara beslendi. Onuň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy mynasybetli Gutlag haty okaldy.
Sergide senagat, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary ýaly önümçiligiň dürli ugurlarynda iş alyp barýan türkmen kompaniýalarynyň ýeten sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmak, hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşmak mümkin.
Sergi 19-nji marta çenli dowam eder.