Eýran Türkmenistan bilen üstaşyr tarifleriň nyrhlaryny arzanlatmak barada ylalaşdy

14.08.2023
Eýran Türkmenistan bilen üstaşyr tarifleriň nyrhlaryny arzanlatmak barada ylalaşdy we ýurtlaryň arasynda ýük daşamagyň tertibini ýönekeýleşdirmek boýunça işini dowam etdirýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS habarlar agentliginiň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy. — Häzirki wagtda türkmen kärdeşlerimiz bilen gepleşik geçirýäris we oňyn netijeler gazanýarys. Indi ýurtlarymyzdan üçünji ýurtlara üstaşyr gatnawlary artdyrmak üçin üstaşyr tarifleriň nyrhlaryny arzanlatdyk — diýip, ilçi aýtdy. Şeýle hem, Eýranyň Özbegistan bilen şunuň ýaly gepleşikler geçirýändigini aýtdy. Özbegistanyň Transport ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Eýranyň ýol we şäher ösüş ministrliginiň wekilleri 31-nji iýulda Özbegistan, Türkmenistan we Eýran arasynda halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky resminama taýýarlamak bilen bagly duşuşyk geçirdiler.