Aziýanyň Ösüş banky Günorta Kawkazdaky ulag torunyň dikeldilmegine maýa goýmaga taýýar

08.05.2024

Aziýanyň Ösüş banky Günorta Kawkazdaky ulag torunyň dikeldilmegi üçin maýa goýmaga taýýar.

Bu barada AÖB-niň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça baş direktory Ýewgeniý Žukow bankyň Tbiliside her ýyl geçirýän ýygnagynyň çäginde «Trend» tarapyndan guralan eksklýuziw söhbetdeşlikde aýtdy.

«Eger, pudaklara seretmeli bolsa biz ulag gatnawy boýunça has köp işlemek, «Azerbaýjanyň demir ýollary» bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmegi dowam etdirmek isleýäris. Çünki bütin tory dikeltmek üçin gutarylmadyk meseleler heniz kän» — diýip, Žukow belledi.

Şeýle hem, AÖB Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda üstünlikli gepleşiklere umyt baglaýandygyny, sebäbi olaryň arasynda parahatçylyk şertnamasy baglaşylan badyna bu ýurda goşmaça ulag geçelgesini açmaga we Azerbaýjan bilen sebiti parahatçylyk ýoly bilen has-da giňden baglanyşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

«Azerbaýjanyň günorta böleginden Ermenistandan Nahçywana çenli uzaýan diýseň köne demir ýol bar. Şol sebäpden hem, parahatçylyk şertnamasy we beýleki ylalaşyklar gazanylsa, bu toruň dikeldilmegine maýa goýmakdan hoşal bolarys. Elbetde, bu Azerbaýjanyň hökümetiniň ileri tutýan çözgütlerine laýyklykda amala aşyrylar» — diýip, Žukow nygtady.