«Teslanyň» ýolbaşçysy Ilon Mask şu ýylyň 8-nji awgustynda kompaniýanyň dolulygyna özbaşdak hereket etmek mümkinçiligi ornaşdyrylan robot taksileriniň tanyşdyryljakdygyny habar berdi. Şeýle ulaglaryň dörediljekdigi hakyndaky gürrüňler bäş ýyl mundan ozal, «Cybertruck» tehnologiýasy boýunça hödürlenen bildiriş bilen bilelikde başlanypdy.
2025-nji ýyl üçin meýilleşdirilýän býudjet elektrik awtoulagy barada aýdanymyzda bolsa, Mask «Redwood» ady bilen hödürlenjek «Model 2» ulagyny göz öňünde tutýar. Kompaniýa her ýyl 10 million elektrik ulagyny öndürmegi meýilleşdirýär. Maskyň bu niýetiniň çynlakaýdygyny onuň «Gijämizi gurnama bölüminde geçireris, ýöne maksadymyza ýeteris» diýen sözleri hem tassyklaýan bolsa gerek.
«Tesla» we onuň ýolbaşçylary ýakyn wagtda çynlakaý meseleleriň ikisini çözmeli bolar. Şolaryň biri ABŞ-daky elektrik ulaglaryna bolan islegiň azalmagyny ýeňip geçmekde (geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8%) jemlense, beýlekisi Hytaýyň diýseň çalt ösýän awtoulag öndürijileri (meselem, geçen ýyl satuwy 13% artan «BYD») bilen bäsleşip bilmekden ybaratdyr.