BMGÖM-niň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikdäki taslamasy esasynda pudagara elektron aragatnaşygy boýunça synag ulgamy ornaşdyrylýar

04.05.2024

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikdäki «Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alyş-çalşygynyň synag ulgamynyň ornaşdyrylmagyna goldaw bermek» atly taslamanyň çäginde Türkmenistanda elektron maglumat alyş-çalşygy ulgamynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň onlaýn-goýberlişini gurady.

«X-Road» platformasynyň binýadyna esaslanýan pudagara elektron aragatnaşygynyň synag ulgamyny ornaşdyrmak üçin «Nortal» kompaniýasy saýlanyp alyndy. Munuň düýp sebäbi kompaniýanyň sanly özgeriş boýunça kämil tejribesi we güýçli professional global hyzmatdaşlyk ugrundan dünýäde öňdäki orny eýeleýändigi bilen baglydyr.

«Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alyş-çalşygynyň synag ulgamynyň ornaşdyrylmagyna goldaw bermek» taslamasy 2023-nji ýylyň martynda başlandy we geljekde pudagara maglumat geçirişiniň esasyny düzer. Ol 2022-nji ýylyň martynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen gol çekilen BMGÖM-niň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäginde sanly özgertmeleri çaltlandyrmak ugrundaky tagallalary utgaşdyrar.