Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrligi elektrik ulaglary üçin infrastrukturany gowulandyrmak ugrundaky tagalla edýändigini mälim etdi.
«Жасыл Даму» kompaniýasy Gazagystanyň esasy şäherlerinde we Almaty — Astana awtoulag ýolunyň ugrunda elektrik ulaglary üçin zarýad beriş stansiýalarynyň ulgamyny giňeltmäge gönükdirilen ägirt uly taslamany üstünlikli tamamlady.
Iň soňky maglumatlara görä, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagtynda elektrik ulaglary üçin 51, Almatyda 52, Pawlodar we Aktau şäherlerinde, şeýle hem Astana — Şuçinsk awtoulag ýolunda bir zarýad beriş stansiýasy bar.
Mundan başga-da, Gazagystanyň çäginde adamlar we kärhanalar tarapyndan döredilen birnäçe hususy elektromobiller üçin niýetlenen stansiýa bar.
Şeýle hem paýtagtda 6 sany «Tesla Supercharger» bilen enjamlaşdyrylan «Талан Тауэр» toplumyna degişli bolan aşa çalt zarýad beriş stansiýalarynyň bardygyny hem bellemelidiris.