Dubaýda dünýäniň iň uly howa menzili gurlar

01.05.2024

Dubaýda awiasiýa dünýäsinde ägirt uly taslamalaryň biri bolan «Al Maktum» howa menziliniň täze ýolagçy terminalynyň gurluşygyna başlanýar. Onuň kuwwaty ýylda 260 million ýolagçy kabul etmäge ýetip, dünýäniň iň uly howa menziline öwrüler. Taslamanyň bahasy 128 milliard dirhem (34,8 milliard dollar) diýlip hasaplanýar. Täze terminal häzirki wagtda halkara ýolagçy gatnawy boýunça dünýäde birinji ýerde durýan Dubaý halkara howa menzilinden bäş esse uly bolar. Täze gurulýän terminal 10 ýyldan Dubaýyň häzirki halkara howa menzilindäki ähli uçuşlary «özüne çeker». Meýdany 70 km kw-a deň bolan täze howa menziliniň 400 gonuş girelgesi , bäş sany parallel uçuş-gonuş zolagy we täze uçuş tehnologiýalary bolar. Onuň kuwwaty ýylda 12 million tonna ýük daşamaga mümkinçilik berer. Taslamanyň birinji tapgyry 10 ýylyň içinde taýýar bolar we ýylda 150 million ýolagçyny kabul edip biler. Täze terminal metro, awtobus ugurlary we şäher howa ulaglary bilen şähere birikdiriler. Dubaýyň günortasyndaky howa menziliniň töwereginde bir million ilaty bolan tutuş şäher gurlar. Logistika we howa ulaglary pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bu ýerde ýerleşer. Täze howa menzili geljekki nesiller üçin şäher we global merkeze öwrüler. Geçen ýyl 86,9 million ýolagçyny özüne kabul edip bilen Dubaý halkara howa menzili (DXB) indi 10 ýyl bäri dünýäniň iň ýörgünli halkara howa merkezi derejesini saklap gelýär. Ol 2023-nji ýylda 416,405 uçuş amala aşyrdy, bu bolsa uçuşlaryň taryhynda iň köpi hasaplanýar. Howa menzili şu ýyl 88,8 million ýolagçyny kabul eder diýlip garaşylýar, bu bolsa 2018-nji ýyldaky ýolagçy sanyna golaýlap barýar. 2025-nji ýylda howa menzili 93,8 million ýolagçy kabul eder we şondan soň bu san 100 milliondan geçer.