14-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalar, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.
Ulag we energetika ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde berk esas bolup hyzmat edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň we bu ugurdaky kuwwatlyklardan doly peýdalanmagyň wajypdygyna üns çekildi. Şeýle hem Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijiligini artdyrmak boýunça mümkinçiliginiň uludygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatyndan Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri barada hem durlup geçildi.
Ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler hem gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.