Ýokary hilli demir önümlerini amatly bahadan nirä sargyt etmeli?

07.08.2023

Demir önümlerini — derwezeleri, haýatlary, oturgyçlary, zir-zibil atylýan gutulary... islegiňize görä, ýokary hilli we amatly bahalardan sargyt etmek isleýärsiňizmi?! Onda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň 1-nji ussahanasy size ýakyndan ýardam berer.

Ussahanada ýokarda agzalan önümleri siziň islegiňize laýyk gelýän göze-gelüwli edip ýasamak üçin ähli amatly şertler döredilen. Bu ýerde işine ökde ussalar müşderileriň islegini kanagatlandyrmak maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler. Müşderileriniň islegini hemme zatdan ýokary goýýan ussalar önümiň hiline we görküne aýratyn üns berýärler.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň 1-nji ussahanasy aşakdaky hyzmatlary müşderilere hödürleýär.

  • Derwezeleri ýasamak;
  • Demir haýatlary ýasamak;
  • Demirden oturgyçlary ýasamak;
  • Zir-zibil atylýan gutulary ýasamak;
  • Hiňňillikleri ýasamak;
  • Demir bezeg işlerini ýerine ýetirmek.

Ýokarda hödürlenýän hyzmatlar öz işine ökde ussalar tarapyndan öz wagtynda dessin hem-de ýokary hilli amala aşyrylýar. Bu ýerde ýasalýan demir önümlerine kepillikleriň hem hödürleýändigini aýratyn bellemek gerek.

Hasaplaşyk nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyryp bolýar.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň 1-nji ussahanasy hyzmatdaşlyk etmek isleýän döwlete dahylly hem-de hususy kärhanalar üçin açykdyr. Hyzmatlardan peýdalanmak isleýän islendik müşderi aşakda görkezilen salgylara ýüz tutup bilerler.

Habarlaşmak üçin: +993(12) 76-19-81.

Salgysy: Aşgabat ş. Berkarar etrap, T.Suhangulyýew köçesiniň 94-nji jaý.