Türkmenbaşydaky Awtoulag kärhanasy «Taksi hyzmatyndan» peýdalanmaga çagyrýar

03.07.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşydaky Awtoulag kärhanasy «Taksi hyzmaty» atly hyzmatynyň hereket edýändigini ýatladýar.

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary şeýle hem, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanlary «Taksi hyzmaty» amatly taksi hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Hyzmatdan peýdalanmak isleýänler (+993 63) 66-21-63 hem-de (+993 243) 4-79-35 telefon belgilerine jaň etmek arkaly taksi sargyt edip bilerler.

Syýahatyň bahasy günüň wagtyna baglylykda kesgitlenýär. Sagat 06:00-dan 22:00-a çenli 1 kilometre çykdajy 1 manat 20 teňňe, 22:00-dan 06:00-a çenli bolsa her kilometre 1 manat 40 teňňe aralykda kesgitlenendir.

«Taksi hyzmaty» müşderilere tejribeli sürüjileriň dolandyrýan «Toyota Corolla» kysymly häzirki zaman awtoulaglarynda rahat hem ygtybarly syýahat etmegini üpjün eder.

Amatly bahaly taksi hyzmaty Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanlary üçin amatly ulag serişdesidir.