Türkmen halkynyň Milli Lideri Antalýa bardy
01.03.2024
Şu gün — 1-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherine bardy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Saparyň maksady tutuş dünýäde ýylyň iri diplomatik wakalarynyň biri hasaplanýan 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmakdan ybaratdyr.
Irden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylan Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Antalýa welaýatynyň häkimi, türkiýeli işewürler, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we beýleki adamlar garşyladylar.
Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary dowam edýär.