Özbegistan we Owganystan «Haýraton — Mazari-Şarif» demir ýolunyň durkuny täzelemek işlerine başlady
26.02.2024
21-nji fewralda «Haýraton» stansiýasynda Özbegistan bilen Owganystany birleşdirýän «Haýraton — Mazari-Şarif» demir ýolunyň durkunyň täzelenmegine we abatlanylmagyna bagyşlanan dabaranyň geçirilendigini «Özbegistan demir ýollary» kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
«Özbegistan demir ýollary» kompaniýasy işiň birinji tapgyryny amala aşyrmak üçin 120 işçini gurluşygyň başlanýan ýerine ugratdy.
Birinji tapgyrda ýük awtoulaglaryny «Naibabad» stansiýasyna getirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda hem, «Haýraton» stansiýasynyň «B» parkynda we ugruň 57-nji kilometrinde giňişleýin dikeldiş işleri guralýar.