Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutladylar

26.02.2024
Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda: «Köp ýyllaryň dowamynda dürli ýokary döwlet wezipelerinde zähmet çekmek bilen, Siz ýurduňyzy yzygiderli ösdürmäge, halkyňyzyň bähbitlerini goramaga, milli strategiýalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly üns berýärsiňiz. Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy häzirki wagtda sebitde hem-de onuň daşynda mynasyp hormata, abraýa eýe boldy, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar» diýlip bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasy bilen strategik we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şeýle-de «Siz Türkmenistanda ýurdumyzyň hakyky dosty, parasatly, öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde tanalýarsyňyz we çuňňur hormata eýesiňiz. Zähmetiňize ýokary baha hökmünde Siz 2021-nji ýylda Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandyňyz. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we ýaşuly nesle hormat goýmak däplerine eýerip, türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge bahasyna ýetip bolmajak şahsy goşandyňyzy, halklarymyzyň jebisligine, gülläp ösmegine gönükdirilen aladaňyzy göz öňünde tutup, şeýle hem şanly 70 ýaş toýuňyz mynasybetli, jenap Rejep Taýyp Ärdogan, Size Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak barada karara geldik» diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem gutlag hatynda: «Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanýar, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyz bellenilmäge mynasypdyr» diýip nygtady hem-de hyzmatdaşlygy uzak möhletleýinlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ähli türkmen halkynyň adyndan Prezident Rejep Taýyp Ärdogany bu ýokary adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.